Abadançylygyň gözbaşy

21 Iýul 2024
158

Şu günler howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şu aşakdakylary ýatladýar.

Elektrik nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däl. Şeýle hem elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Aýratyn üns bermeli zatlaryň biri hem, soňky wagtda giňden ýaýran elektrik sarp edijiligi kuwwatly bolan elektrik enjamlary gurnamak, olarda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmeli. Elektrik geçirijilerini aýratynlykda özbaşyna geçirip, elektrik geçirijiniň ugrunda awtomatik goraýjylar oturdylmaly.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar