IKI ASYRYŇ ŞAÝADY

20 Iýul 2024
228

Halk arasynda uzak ýaşap, durmuşyň ajysyny-süýjüsini başdan geçirip, onuň synaglaryndan abraý bilen geçen adamlara aýratyn sarpa goýulýar. Olaryň durmuş ýoly, uzak ýaşamagyň syrlary baradaky gürrüňlerini diňlemek her birimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýaşaýan Ahmet Ahmedow hem uzak ömür miýesser eden adamlardan. Ol şu ýylyň baharynda, tüweleme, 102 ýaşyny doldurdy.

Bütin ömrüne halal zähmeti hemra edinen Ahmet aga saglygyň syryny hereket bilen baglanyşdyrýar. «Gülmek ömürden», «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez» diýen sözlere eýerýän ruhubelent ýaşuly häzir hem degişgenligi bilen köpleri haýran galdyrýar. Bir asyrdan gowrak ýaşandygyna garamazdan, durmuşdan lezzet alyp, köpçülige goşulyp-garylyp ýaşamaga, başy çykýan işleri bilen goňşy-golamlara kömek bermäge yhlas etmegi — Ahmet aganyň artykmaçlygy. Ol maşgalasynda üç ogul, bir gyzy kemala getirdi, häzir ýedi agtygy, alty çowlugy bar. Olaryň agzybir maşgalasynda hemmeler sportuň, bedenterbiýäniň aşygy. Ýaşulynyň özi sport bilen meşgullanmasa-da, gündelik endigine eýerip, gezelenç edýär, öýde bolýan wagtlary öz söýgüli pişesi bolan sagatdyr ütükleri, stol çyralaryny bejermek bilen gümra bolýar. Ömürboýy çagalar öýünde işländendir, belki, onuň özüniňem göwni çaganyňky ýaly päk. Uzak ýyllaryň dowamynda ondan bilimiň, terbiýäniň ilkinji sapaklaryny alyp, häzirki wagtda mugallymdyr lukman ýaly, asylly kärlerde zähmet çekip ýören adamlar hem ýaşulynyň ýanyna ýygy-ýygydan salama gelýärler. Ahmet aga Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem tylda jan aýaman işleýär. Durmuşyň köp muşakgatyny başdan geçirse-de, gojanyň elinde hasanyň, gözünde äýnegiň ýoklugy-da “tüweleme” diýdirýär.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar