Durmuşymyzyň asudalygy — ýurdumyzyň abadanlygy

19 Iýul 2024
142

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzda hukuk tertibiniň, kanunylygyň ýokary derejede bolmagynyň, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyna üns çekildi, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangynyň döremegine garşy gözegçilik işlerini alyp barmak tabşyryldy.

Häzirki tomus paslynyň dowam edýän döwründe ýaşaýyş jaýlary, edara binalary has-da ýylaýar, şunuň bilen baglylykda, degişli howa derejesini saklamak üçin sowadyjylar işledilýär. Şoňa görä-de, her bir raýat, isle uly ýaşly bolsun, isle-de kiçi ýaşly, tapawudy ýok, elektrik togy bilen iş salyşjak bolsa, hökmany ýagdaýda onuň kadalaryny berk berjaý etmegi öwrenmeli. Tehniki näsazlyklar ýa-da elektrik enjamlaryna nädogry çemeleşme howply ýangynlaryň döremegine sebäp bolup bilýär. Şeýle-de tomus paslynda meýdanlarda ýangyn döremek ähtimallygy bar bolup, şonuň üçin-de açyk ýerlerde kükürt çyzmak, ot ýakmak ýaly ýagdaýlara ýol berilmeli däldir. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda Içeri işler ministrligimiziň degişli düzümleri bilen bilelikde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda yzygiderli düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýäris.

Berdimyrat DURDYÝEW,
Tejen etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar