«Teke bazardaky» tomus (Durmuş we biz)

19 Iýul 2024
172

Bu sözbaşynyň yzyny «şeýle bir gowy, şeýle bir gowy» diýip dowam etmezimden öňürti görýänje, belki-de, duýýanja zatlarym barada agzamalydyryn. Öýe derman-beýleki almaly bolsam, hökman «Nazarly Ada» degip geçýän. «Nazarly Ada» degibem, aşaklygyna ýolumy «Teke bazaryň» üsti bilen dowam edýän. Ugry Gurtla tarap bolan awtobuslaryň gatnawy hasam şu köçede kän. Şol sebäpden, wagtym boldugyndan, «Teke bazaryň» üstünden düşýän ýolumy ädimlerim bilen, azajygam bolsa, gysgaltmaga çalyşýan.

Gysgaltmaga çalşylýan ýollarda, köplenç, ýatlamalar ýaşaýar. Töwerekden gulagyňa ilýän her sözüň holtumyna gysylyp, nädip şol günlere garşy gaýýanyňam bileňok şonda. Her zatdan many gözläp barýan ünsüň bolsa sözleri ýeke-ýekeden ýadyna ýazyp alýar: «Gel, jigim, buz ýaly buzgaýmak bar!», «Ýertudanalysyndan guýaýynmy, agam?», «Üstüne şokolad sepmelimi?», «Buzgaýmaga geliň, ýüregi sowadýan buz ýaly buzgaýmaga!».

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar