Gün tertibinde — täze innowasion usullar

19 Iýul 2024
207

17-nji iýulda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-barlaglary alyp barmagyň döwrebap usullary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Ylymlar akademiýanyň we himiýa institutyň alymlary, ylmy işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýandygyny bellediler. Daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan ylmy-barlag usullar barada gürrüň etdiler. Şol usullar ýokary ýodly senagat suwlarynyň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek bilen bagly işlerde öz beýanyny tapyp, täze innowasion usullar arkaly ylmy-barlaglaryň alnyp barlyşy barada meseleler maslahatyň esasyny düzdi.

Resul Nurgeldiýew,
«Watan».
Beýleki habarlar