Kino täzelikleri

19 Iýul 2024
134

Muhammed Ali barada serial surata düşüriler Dünýä belli rowaýaty boksçy, ähli döwürleriň ussady, merhum Muhammed Aliniň durmuşy, karýerasy barada serial surata düşüriler. Sport äleminiň ägirdi hasaplanýan boksçy baradaky serialyň ady «Ägirt» (The Greatest) diýlip atlandyrylýar. Serial «Amazon » studiýasynyň önümi bolup, onda baş keşbi, Aliniň keşbini Jalen Best janlandyrar. Ilkibaşda kiçi göwrümli serial göz öňünde tutulan taslama soňlugy bilen drama serialyna öwrüldi. Serialda 1942-nji ýylda dünýä inen türgeniň durmuşy, sportda gazanan üstünlikleri, jemgyýetde alyp baran işleri, jynsparazlyga garşy göreşi barada giňişleýin durlup geçiler. Muhammed Ali barada 2001-nji ýylda «Ali» atly film surata düşürilip, ekran eseri köpleriň söýgüsini gazanypdy. Parkinson keseli bilen uzak ýyllar göreşen Muhammed Ali 2016-njy ýylda aradan çykypdy. Emilia Klarkyň täze keşbi belli boldy «Marvel»-iň kinematografik älemine goşulan «Tagt oýunlary » teleserialynyň ýyldyzy Emilia Klarkyň haýsy keşbi janlandyrjakdygy belli boldy. Ol «Criminal » atly serialda baş keşbi, Malloriniň keşbini ýerine ýetirer. «Amazon » studiýasynyň önümi boljak serialda Klarkdan başga- da Çarli Hannam, Riçard Jenkins, Jon Hawkes, Adria Arýona, Logan Browning, Kadim Hardison dagy dürli keşpleri janlandyrarlar. Klark soňky gezek «Marvel»-iň önümi bolan «Secret Invasion» serialynda surata düşüpdi. 3-nji möwsümiň önümçiligine başlandy «Emmy » baýragyny gazanan meşhur «Euphoria » teleserialynyň 3-nji möwsüminiň önümçiligine başlanandygy resmi ýagdaýda mälim edildi. 3 ýyllyk arakesmeden soň ekranlara dolanýan serial ýene- de HBO-da görkeziler. Ilkinji 2 möwsümde esasy keşpleri ýerine ýetiren Zendeýa, Sidni Swini, Jeýkob Elordi, Hanter Şafer, Ştorm Reid, Aleksa Demi, Erik Deýn ýaly artistler täze möwsümde- de surata düşerler.

Beýleki habarlar