Girdejisi 5 milliard dollardan geçen animasiýa seriýasy

19 Iýul 2024
162

 «Pixar»-yň iň köp girdeji «Şrek 5» ekranlara çykar gazanan multfilmi 81-nji Wenesiýa film festiwalynyň eminler topary mälim edildi «Universal Pictures » studiýasynyň önümi bolan «Görnüksiz men» (Despicable Me) animasiýalar seriýasynyň prokatdan umumy ýygnan girdejisi 5 milliard dollardan geçdi. Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän «Görnüksiz men 4» multfilminiň prokatlardan 449 million dollar toplamagyndan soň umumy seriýanyň girdejisi 5 milliard dollardan köp boldy. Şeýlelikde, «Görnüksiz men» animasiýalar seriýasy 5 milliard dollara ýeten ilkinji animasiýa franşizasy hökmünde hasaba alyndy. Ilkinjisi 2010-njy ýylda ekranlara çykan animasiýanyň 4 multfilmi (Görnüksiz men 1–2–3–4) hem-de spin-off (esasy filmiň bir gahrymanynyň aýratynlykda başdan geçirmesi) multfilmi, ýagny ýanama filmi «Minionlar » animasiýasynyň 1–2-nji bölümleri halk köpçüligine ýetirilipdi. Umumylykda 6 multfilm üçin 479 million dollar çykdajy edildi. Seriýanyň iň köp girdeji gazanan bölümi 2015-nji ýyldaky «Minionlar » hem-de 2017-nji ýylda ekranlara çykan «Görnüksiz men 3» multfilmleridir. Ýeri gelende bellesek, «Minionlar 3» multfilmi- de 2027-nji ýylda ekranlara çykar. Iň köp girdeji gazanan animasiýa franşizalarynyň sanawynda «Görnüksiz men» animasiýalaryndan soň 2-nji ýeri «Şrek» (Shrek), 3-nji orny «Oýnawaçlaryň hekaýasy » (Toy Story) animasiýalary eýeleýär. «Şrek» animasiýalar franşizasy «Şrek» hem-de «Ädikli pişik » multfilmlerini, jemi 6 sany ekran eserini özünde jemläp, 4 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. «Oýnawaçlaryň hekaýasy » bolsa 4 esasy bölüm hem-de spin-off multfilmi «Bazz Laýtýer » (Lightyear) bilen bilelikde 5 ekran eseri prokatlardan 3 milliard 270 million dollar girdeji toplady.

Beýleki habarlar