«Şrek 5» ekranlara çykar

19 Iýul 2024
136

Meşhur «Şrek» (Shrek) animasiýalar toplumynyň nobatdaky multfilminiň ekranlara çykaryljak wagty mälim edildi. «DreamWorks Animation » studiýasy tarapyndan berlen beýanatda «Şrek 5» atly multfilm 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda ekranlara ýaýradylar. Ýagny 5-nji multfilm «Şrek» animasiýalar seriýasynyň görkezilip başlanyna 25 ýyl dolanda ekranlara çykar. Bu multfilm 16 ýyldan soň kinoteatrlarda görkeziljek «Şrek» animasiýasy bolar. Şol bir wagtyň özünde bu multfilm «Şrek» animasiýalar franşizasynyň 7-nji multfilmi bolup, oňa Wolt Dorn režissýorlyk eder. Ol «Şrek» animasiýalarynyň 2-3-nji bölümleriniň ssenariçileriniň biri bolupdy. Baş gahrymanlara – Şrege, Fiona, Eşege we Pişige ses beren Maýk Maýers, Kameron Diaz, Eddi Mörfi hem-de Antonio Banderas dagynyň 5-nji bölümde hem ses bermäge gatnaşjakdygy resmi ýagdaýda habar berildi. Ilkinjisi 2001-nji ýylda ekranlara çykan «Şrek» animasiýasy tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy. 2004-nji ýylda 2-nji, 2007-nji ýylda 3-nji, 2010-njy ýylda- da 4-nji bölüm halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilipdi. 2011-nji ýylda «Şrek» animasiýasynyň gahrymanlaryndan Pişigiň başdangeçirmeleri «Ädikli pişik » ady bilen ekranlaşdyrylypdy. «Ädikli pişigiň » 2-nji multfilmi bolsa 2022-nji ýylda ekranlara çykypdy. Umumylykda «Şrek» animasiýalar franşizasy prokatdan 4 milliard 18 million dollarlyk kassa ýygymyny toplapdy. Ýeri gelende bellesek, «Şrek» animasiýalarynyň ýene bir spin-off multfilmi peýda bolar. Bu gezek Eşegiň başdangeçirmeleri aýratyn animasiýa bolup, onuň haçan prokata çykjakdygy häzirlikçe anyk däl.

Beýleki habarlar