Eýfel diňi barada...

19 Iýul 2024
118

Parižiň nyşany hasaplanýan Eýfel diňi dünýäniň meşhur desgalarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Her ýyl millionlarça syýahatçy Eýfel diňini synlamak üçin fransuz paýtagtyna barýar. 1889-njy ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisi mynasybetli wagtlaýyn gurlan bu desganyň häzirki wagtda beýikligi 330 metre ýetýär. Polat gurluşa eýe Eýfel diňi 3 bölekden ybarat. Desganyň depesine liftli ýa-da basgançakdan çykyp, şäheri has ýokardan synlap bolýar. Ilkibada parižliler demirden gurlan bu desgany fransuz binagärlik däplerine zeper ýetirýändigi üçin halamandyrlar. Şeýle- de bolsa bina uly gyzyklanma döredendigi üçin hemişelik saklanyp galýar. Eýfel diňi barada gyzykly maglumatlar: Reňki üýtgedilýär. Eýfel diňi dürli ýyllarda dürli reňke bürendi. «Demir zenan » 1889-njy ýylda açylanda gyzylymtylgoňur reňkdedi. 10 ýyldan soňra sary reňke bürendi. Eýfel diňiniň daşky bezegini üýtgetmek üçin her gezek 60 tonna reňk ulanylýar. Polat desga 1968-nji ýylda gaýtadan goňur reňkli edildi. Iň beýik bina. Eýfel diňi açylandan soň Waşington ýadygärliginden (169 metr) öňe geçip, dünýäniň iň beýik binasy (300 metr) bolýar. Eýfel binasy bu adyny 40 ýyldan gowrak wagt saklap, 1931-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky «Chrysler » binasy (319 metr) açylandan soň ikinji orna düşýär. Tomsuna uzalýar. Gyzgynda metalyň süýnmegi tebigy hadysa bolup, oňa fizikada termiki giňelme diýilýär. Polat gurluşdan düzülen Eýfel diňi hem tomusda 15 santimetr çemesi «ösýär ». Gijeki ýolgörkeziji. 1925-1936-njy ýyllar aralygynda Eýfeliň üç gapdalynda oturdylan millionlarça reňkli lampa Fransiýanyň «Citroën » awtoulag kompaniýasynyň 100 metrlik dik harplaryny ýazmak üçin yşyklandyryldy. Ýagtylyk mahabatyny 33 kilometr uzakdan saýgaryp bolupdyr.

Beýleki habarlar