Bagtly durmuşyň açary

19 Iýul 2024
213

Geçirilen barlaglarda çagalaryň ösüşi üçin maşgala bolup dynç almagyň aýratyn peýdalydygy anyklandy. Şeýle ýagdaýda çagalar özlerini has-da bagtly duýýarlar. Maşgalanyň jebisliginiň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna berk sosial gatnaşyklary saklamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Dynç günleri maşgala bolup bilelikde dynç almagy unutmaly däl. Esasan hem, tomus paslynyň dowam edýän günlerini – çagalaryň dynç alyş möwsümini şatlykly ýagdaýda geçirmeli. Munuň üçin açyk meýdana, seýilgählere, deňiz kenarlaryna we tokaýlara gitmeli. Dynç alynýan wagtynda küşt, şaşka, top oýunlaryny oýnamak sanly oýunlara güýmenmekden has peýdalydyr. Ýaşyl meýdan, arassa howa saglygymyz üçin ýaramlydyr. Maşgala bolup dynç alynýan wagtynda göwnüçökgünlik alamatlary aýrylyp, şähdiň açylýar, birek- birege bolan ynam we ysnyşma has-da artýar. Şeýle ýagdaýlarda wagtyň peýdaly we şatlykly geçýär. Bilermenleriň pikiriçe, maşgala bolup tebigatda dynç almak bagtly durmuşyň açarydyr.

Beýleki habarlar