Emeli aň hakyndaky kanun

19 Iýul 2024
123

Ýewropa Bileleşigi tehnologiýa kompaniýalarynyň işini kadalaşdyrmak maksady bilen giňişleýin düzgünleri hödürleýän emeli aň baradaky kanuny resmi taýdan tassyklady. Iki ýylyň dowamynda işlenip düzülen kanun emeli aňyň ulanylyşynyň käbir görnüşlerini gadagan edýär we işläp düzüjileriň öňünde berk talaplary goýýar. Ýewropa Bileleşiginde iki ýyllap dowam eden maslahatlardan soň emeli aň baradaky ähli ýagdaýlary öz içine alýan kanun kabul edilip, bu ugry kadalaşdyrmakda aýgytly ädim ädildi. 1-nji awgustda resmi taýdan güýje girjek bu kanun Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek we ulanmak üçin berk esas döredýär. Bu kanuny durmuşa geçirmegiň iň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 2-nji fewralydyr, şondan soň tehnologiýa kompaniýalary raýatlaryň hukuklaryna howp salýan programmalary ulanmagy bes etmeli bolarlar. Kanunyň doly teksti Ýewropa Bileleşiginiň resmi web sahypasynda çap edildi. Täze kanun emeli aňyň käbir görnüşlerini ulanmagy gadagan edýär. Hususan- da, adamlary ynançlaryna we şahsyýetlerine baglylykda biometrik kategoriýalaşdyrmak, şeýle hem ýüz keşpleriň suratlaryny internetden ýa-da gözegçilik kameralarynyň ýazgylaryndan rugsatsyz almak ýaly hereketleri gadagan edýär. Işläp düzüjiler algoritmiň aýdyňlygyny üpjün etmeli we tehnologiýalarynyň işleýşi barada aç-açan maglumat bermeli. Düzgünnamalaryň köpüsi 2026-njy ýylyň awgustyna çenli güýje girer we möhüm pudaklarda ulanylýan ýokary töwekgelçilikli ulgamlar üçin möhlet 2027-nji ýylyň awgustyna çenli uzaldyldy. Emeli aň hakyndaky kanunyň bozulmagy agyr jerimeleriň salynmagyna sebäp bolup biler.

Beýleki habarlar