Roberta M etsola gaýtadan saýlandy

19 Iýul 2024
112

16-njy iýulda maltaly 45 ýaşly syýasatçy Roberta Metsola Ýewropa Parlamentiniň başlyklygyna gaýtadan saýlandy. 6-9-njy iýun aralygynda Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň Strasburgda Ýewropa Parlamentiniň birinji mejlisi guralyp, onuň barşynda täze möhlete başlyk saýlandy. Ýewropa Parlamentiniň täze çagyrylyşynyň 720 agzasy maltaly syýasatçy Roberta Metsolany gaýtadan başlyk saýlady. Bu wezipä Ispaniýadan Ýewropa Parlamentiniň agzasy, çepçi «Podemos » partiýasynyň agzasy Iren Montero hem dalaşgärlik etdi. Gizlin görnüşde geçirilen ses berişlikde Metsola 562 ses, Montero bolsa 61 ses aldy. Ýene- de 2,5 ýyl Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesini eýelejek Metsola 1979-njy ýylda Maltada dünýä indi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesine saýlanan Roberta Metsola tarpa- taýyn aradan çykan Dawid Sassoliniň ýerine geçdi. Şeýlelikde, ol Strasburgdaky kanun çykaryjy edaranyň iň ýaş başlygy boldy.

Beýleki habarlar