Respublikan partiýadan dalaşgär görkezildi

19 Iýul 2024
125

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň gurultaýynyň wekilleri 5-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawlaryna Donald Trampy resmi taýdan ABŞnyň Prezidentligine dalaşgär saýladylar. Donald Tramp Wiskonsin ştatynyň Miluoki şäherinde guralan gurultaýda Respublikan partiýanyň wekilleriniň köpüsi tarapyndan ýeterlik goldaw aldy. Geçen aýyň başynda tamamlanan partiýanyň içindäki saýlawlaryň netijelerinden soň, Tramp esasy bäsdeşleri ABŞnyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Nikki Heýliden, Kaliforniýanyň gubernatory Ron Desantisden we telekeçi Wiwek Ramaswamiden öňe geçip, Respublikan partiýanyň ýeke- täk dalaşgäri boldy. Golaýda Donald Tramp Ogaýo ştatyndan respublikan senator Jeýms Dewid Wansy ABŞ-nyň wise- prezidentligine dalaşgär hökmünde hödürleýändigini mälim etdi. Wans 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri senator bolup işleýär we Trampyň ýakyn egindeşleriniň biridir. Respublikan partiýanyň gurultaýy 15-18-nji iýul aralygynda geçirildi.

Beýleki habarlar