Dünýäniň ilaty iň ýokary derejä ýeter

19 Iýul 2024
142

Geljek 60 ýylda dünýä ilatynyň köpelmegi dowam edip, 2080-nji ýyllaryň ortalarynda 10,3 milliarda ýetmegine garaşylýar. Bu barada BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti habar berdi. «Dünýä ilatynyň 2080-nji ýyllaryň ortalaryna çenli, ýene- de 50-60 ýylyň dowamynda artmagyny dowam etdirip, takmynan, 10,3 milliard adam köpelmegine garaşylýar. Iň ýokary derejesine ýetensoň, asyryň ahyryna çenli kem-kemden 10,2 milliard adama çenli peselip başlar diýlip çaklanylýar » diýlip, guramanyň hasabatynda bellenilýär. Ýokarda ýatlananlar BMG-niň hünärmenleriniň dünýä ilatynyň XXI asyrda iň ýokary derejä ýetmek ähtimallygynyň diňe 30 göterimboljakdygyny öňe sürýän öňki çaklamalaryna täzeden garandygyny aňladýar. Mundan başga- da, häzirki çaklamalara görä, 2100-nji ýylda ilat 6 göterim ýa-da 700 million adam artar. Bu bolsa, öňki çaklamalardaky garaşylýandan azdyr. «Çaklamadaky üýtgeşmeleriň dünýäniň käbir uly ýurtlarynda, esasan hem, Hytaýda çaga dogluşynyň peselmegi baradaky maglumatlaryň seljermesine esaslanýar » diýip, hasabatyň awtorlary belleýärler. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 28 göteriminiň ýaşaýan 63 ýurdunda ösüşiň iň ýokary derejesiniň eýýäm bolup geçendigi bellendi. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Russiýa, Hytaý, Germaniýa we Ýaponiýa bar. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 10 göteriminiň ýaşaýan 48 ýurdunda ýakyn ýyllarda ilat sany artar we 2025-nji ýyldan 2054-nji ýyla çenli ýokary derejä çykar. Bu topara Braziliýa, Eýran, Türkiýe we Wýetnam ýaly ýurtlar girýär. Dünýäniň 126 ýurdunda ilat 2054-nji ýyldan soň hem artyp, 2100-nji ýyla çenli we ondan soň iň ýokary derejesine çykar. Bu ýurtlara Hindistan, Indoneziýa, Pakistan we ABŞ girýär. BMG-niň hünärmenleri 2054-nji ýyla çenli 52 ýurtda we 2100-nji ýyla çenli 62 ýurtda ilatyň köpelmeginiň esasy faktorlarynyň biriniň immigrasiýa boljakdygyny aýratyn nygtaýarlar. Hünärmenler Awstraliýa, Kanada we ABŞ ýaly ýurtlara beýleki ýurtlardan gelýänleriň artýandygy sebäpli geljekde ilat sanynyň artjak ýurtlary hökmünde baha berdi. – Käbir ýurtlarda çaga dogluşynyň derejesi häzirki wagtda garaşylýandan has pes, şeýle hem çaga dogluşynyň ýokary bolan käbir sebitlerinde has çalt pese gaçyşy görýäris – diýip, BMG-niň baş sekretarynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Szýunhua aýdýar. 2024-nji ýylyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýer ýüzünde 8,2 milliard adam ýaşaýar.

Beýleki habarlar