Iň gurak çöl gülzarlyga bürendi

19 Iýul 2024
116

Golaýda Çilide täsin tebigy hadysa bolup geçdi, adatça guraklygy bilen belli bolan Atakama çöli gülledi. Ürgün çägeler bilen örtülen ýer ak we benewşe güllere beslendi. Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «desierto florido » (gülleýän çöl) diýlip atlandyrylýan bu waka 5-7 ýyldan bir gezek bolup, diňe çöl ösümlikleriniň tohumlarynyň gögermegi üçin ýeterlik ýagyş bolan halatynda bolup geçýär. Alymlar soňky 40 ýylda şuňa meňzeş 15 hadysanyň diňe sentýabr bilen noýabr aýynyň aralygynda bolandygyny tassyklaýarlar. Ýöne şu ýyl gülleme garaşylmadyk ýagdaýda ir başlady we bu ýagdaý howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar. Atakama gözellik çaýýan güller, has takygy, «Nolana paradoxa » görnüşine degişli güllerdir. Bu gysga birýyllyk ösümlikleriň ösen kök ulgamy ýok bolup, bol çyglylygyň gysga döwürlerine çalt uýgunlaşýar. 2022-nji ýylda Atakama çöli milli seýilgäh diýlip ykrar edildi, şonuň üçin bu ýerdäki ähli ösümlikler we haýwanlar, şol sanda süýrenijiler, guşlar we hatda mör-möjekler hem goralýar. Şeýle- de bolsa, bu ýagdaý täsin tebigy hadysanyň şaýady bolmak isleýän köp sanly syýahatçylara böwet bolmaýar. Geljekde Atakamada ygalyň mukdarynyň köpelmegine garaşylýar, bu bolsa ösümlikleriň tutuş çölüň çäklerine ýaýramagyna we has ýygy güllemegine getirer.

Beýleki habarlar