Mikroçip eksportynda dünýä lider

19 Iýul 2024
114

Geçen ýyl global mikroçip eksportynda Gonkong, Taýwan, Singapur, Hytaý we Koreýa Respublikasy öňdeligi eýeledi. Bu barada BMG-niň «Comtrade » platformasynyň hasabatynda aýdylýar. 2023-nji ýylda Gonkong mikroçipleriň esasy eksportçysy boldy we ýylyň dowamynda 193,5 milliard dollarlyk mikroçip bilen üpjün etdi. Ol indi 10 ýyl bäri çip eksportynda dünýäde öňdebaryjy ýurt bolup galýar. Ilkinji bäşlige 166,6 milliard dollarlyk haryt eksport eden Taýwan, Singapur (137,9 milliard dollar), Hytaý (136,3 milliard dollar) we Koreýa Respublikasy (86,1 milliard dollar) girdi. Mikroçipleri import etmekde Hytaý öňdebaryjy bolup, ýylyň dowamynda 350,1 milliard dollarlyk çip satyn aldy. ABŞ-nyň ýarymgeçirijiler senagat birleşigi (SIA) 2023-nji ýylyň ahyrynda ýarymgeçirijileriň dünýädäki satuwynyň 2022-nji ýylyň rekord ýyly bilen deňeşdirilende 8,2 göterim azalandygyny we 526,8 milliard dollar bolandygyny habar berdi. Şu ýylyň başynda ABŞ-nyň häkimiýetleriniň ýurtda zawod gurmak maksady bilen ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýändigi barada habar berildi. Maglumatlara görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň «Intel » we «Taiwan Semiconductor Manufacturing Co» (TSMC) ýaly ägirtleriniň arasynda paýlanar. «Bu, akylly telefonlarda, emeli aňda we beýleki ulgamlarda ulanylýan ösen ýarymgeçirijileriň önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berer » diýip, «Wall Street Journal » ýazdy. Hytaý hem ýarymgeçiriji pudagyny ösdürmek maksady bilen 344 milliard ýuana (47,5 milliard dollar) deň bolan maýa bilen hökümet tarapyndan goldanýan maýa goýum gaznasyny esaslandyrdy.

Beýleki habarlar