Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar berkidiler

19 Iýul 2024
115

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkian öz administrasiýasynyň goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary ileri tutup, ähli ýurtlar bilen gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamaga tagalla etjekdigini aýtdy. – Biz goňşularymyz bilen gatnaşyklary berkitmegi ileri tutarys. Biz «güýçli sebiti » döretmegiň tarapdary. Biz Türkiýe, Saud Arabystany, Oman, Yrak, Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri we sebit guramalary bilen ykdysady we beýleki gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys – diýip, Masud Pezeşkian «Tehran Times » gazetine beren söhbetdeşliginde belledi. 7-nji iýulda Eýranda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçy syýasatçy Masud Pezeşkian 16 million 384 müň 403 ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi, konserwatorlaryň wekili Said Jalili bolsa, 13 million 538 müň 179 ses aldy. Saýlawlara gatnaşyk 49,8 göterim bolup, jemi 30 million 573 müň 931 ses berildi.

Beýleki habarlar