Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

19 Iýul 2024
112

Dünýäde öňdebaryjy boldy. Oba hojalygy möwsüminiň deslapky netijelerine görä, Russiýa bugdaý eksportynda dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu barada ýurduň Oba hojalygy ministrligi habar berdi. 160-dan gowrak ýurda galla eksport edýän Russiýa şu ýyl 53 million tonna bugdaý eksport etmekçi. Gülmegi teklip edýän kanun. Ýaponiýanyň Ýamagata prefekturasynda adamlardan her gün azyndan bir gezek gülmegi teklip edýän kanun kabul edildi. Taslamanyň awtorlary, gündelik gülkiniň fiziki we ruhy taýdan saglygy berkitmek üçin zerurdygyny öňe sürýärler. Şonuň üçin kanun taslamasy iş berijileri iş ýerlerinde gülki bilen doldurýan gurşawy döretmäge çagyrýar. Jübi teleskopy döredildi. «DwarfLab » kompaniýasy tarapyndan agramy 1,35 kilogram bolan jübi teleskopy hödürlendi. Kitapdan onçakly uly bolmadyk enjamyň kömegi bilen galaktikalaryň, ýyldyzlar toplumynyň we ýyldyzlaryň şekillerini surata düşürip bolýar. Teleskopyň bahasy 479 dollara deň. Täsin krossowka hödürlendi. Amerikan- iňlis kompaniýasy «Freeaim» wirtual hakykatda hereket etmek üçin özboluşly «VR Shoes» krossowkasyny hödürledi. Täze önüm elektrik rolikli konkileriň tehnologiýasy boýunça işleýär. «VR Shoes» ulanyjyny belli bir ýerde saklap, wirtual dünýäde howpsuz hereket etmäge mümkinçilik berýär. Iň gadymy üzüm çigidi tapyldy. Kolumbiýanyň And daglarynda ýaşy 19 million ýyl bolan üzümiň daşa öwrülen galyndylary tapyldy. Bu Günbatar ýarymşarda üzümler maşgalasyna degişli iň gadymy tapyndy hasaplanýar. Paleontologlar topary galynda «Lithouva susmanii » (Susmanyň daş üzümi) diýip at berdiler. Rowaýaty gylyç gaýyp boldy. Fransiýanyň Rokamadur kommunasyndaky gaýada ýerleşýän, ady rowaýata öwrülen Dýurandalyň gylyjy ýitirim boldy. Gaýanyň bir künjünde asyrlarboýy sünjülgi duran 80 santimetr uzynlykdaky gylyç döwlet emlägi hasaplanýardy. Ol 10 metrden gowrak belentlikde gaýanyň ýüzünde durdy. Iň gowy artist zenan. Alban-britan pop aýdymçysy Dua Lipa 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň meşhur aýdymçysy diýlip yglan edildi. Onuň aýdymlary bütin dünýäde radio arkaly iň köp diňlenýän aýdymlar bolupdyr. Bu ugurdaky sanawy üstümizdäki ýylyň ilkinji alty aýynyň jemlerine esaslanýan «Forbes » žurnaly düzdi. Dört aý dowam eden toý. Hindistanda milliarderleriň çagalary – 29 ýaşly Anant Ambani hem-de 29 ýaşly Radika Merçant «asyryň toýuny » toýladylar. Jübütleriň nika däplerine bagyşlanan dabaralar 4 aýlap dowam etdi. Esasy toý dabarasy Mumbaýda geçdi, oňa meşhur syýasatçylar, türgenler we artistler gatnaşdylar. Kofeden ýasalan galam. Los-Anjelesiň «Zirobio » kompaniýasy mehaniki galamlar üçin gaýtadan işlenen kofe löderesinden öndürilen dünýäde ilkinji grifel «GRIND Z»-ni hödürledi. Bu grifel ähli awtomatiki galamlara laýyk gelip, kagyzda açyk goňur yz galdyrýar. Hat ýazylanda arabika kofesiniň ýakymly ysy ýaýraýar.

Beýleki habarlar