BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

19 Iýul 2024
141

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

ÝU­NI­SEF-iň we­ki­li wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, soň­ky ýyl­lar­da en­çe­me bi­le­lik­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­la­ryň hem-de mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Jal­pa Rat­na­ny ga­dy­my we myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, il­ki bi­len, ony BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, jo­gap­kär­li we­zi­pe­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NI­SEF-iň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li we ýo­ka­ry ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz 2024 – 2026-njy ýyl­lar döw­ri üçin BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň ag­za­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­dy. Bu bol­sa ÝU­NI­SEF bi­len uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň gü­wä­si­dir.
Hä­zir­ki wagt­da hyz­mat­daş­ly­gy­myz 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin de­giş­li Mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýyl ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak eda­ra­la­ry bi­len ýyl­lyk iş me­ýil­na­ma­la­ry­nyň 10-sy­na gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­lar, hu­su­san-da, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ola­ryň iý­mit­len­me­gi, ir­ki ösü­şi, dur­muş go­rag­ly­ly­gy we inkl­ýu­ziw bi­lim al­ma­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy öz içi­ne al­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­nyň hem yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­tal­dy. Ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça 2023 – 2028-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Söh­bet­deş­ler bi­le­lik­dä­ki işiň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­jek­ki ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak bi­len, ça­ga­la­ra im­mu­ni­za­si­ýa et­mek üçin san­jym se­riş­de­le­ri­­dir en­jam­la­ry sa­tyn al­mak ba­bat­da ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar.
Ça­ga­lar ha­kyn­da ala­da, sag­dyn we giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek bi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek­le­re hos­sar­lyk et­me­giň, ola­ry aý­ra­tyn üns-ala­da bi­len gur­şap al­ma­gyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Gaz­na dö­re­di­len­den bä­ri sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­rin­de ho­wan­dar­ly­ga mä­täç nä­sag ça­ga­la­ra köp san­ly ope­ra­si­ýa­lar ge­çi­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň has­sa­ha­na­la­ry­na gaz­na­nyň adyn­dan «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry, döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry yzy­gi­der­li be­ril­ýär.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­lap, ÝUNISEF-iň tä­ze we­ki­li ha­nym Jal­pa Rat­na berk jan sag­lyk we işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Beýleki habarlar