Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi

15 Iýul 2024
180

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär.

Beýleki habarlar