Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

15 Iýul 2024
208

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk», 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Beýleki habarlar