Özboluşly bäsleşik

2 gün öň
51

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet-sungat, ylym-bilim gülläp ösüpdir. Şol döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdirmegi başarypdyrlar. Onda halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanyp galypdyr. Hatdatlyk Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Göräýmäge, häzirki «maglumatlar asyrynda», internetiň, kompýuteriň, ýokary tehnologiýalaryň adamyň durmuşyna barha içgin aralaşýan şertlerinde elde ýazylan hatlaryň ähmiýeti peselýän ýaly bolsa-da, köpler sungatyň bu görnüşine aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Çünki hatdatlyk ünsüňi bir ýere jemlemäge, çeper hem nepis zatlara, gözellige söýgini artdyrmaga ýardam berýär. Owadan haty bolan ynsanlar sözüň şirinligine has çuňňur akyl ýetirmek ukybyna eýe bolýarlar. Käbir alymlar bolsa owadan ýazmak sungatyny içgin öwrenýänleriň maglumatlary beýlekilerden tiz kabul edýändiklerini we ýatda saklaýandyklaryny aýdýarlar. Şu nukdaýnazardan, bu özboluşly sungata ýaşlaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak, elde hat ýazmak endigini ösdürmek we olaryň owadan ýazuwyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi hem täze zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.