Adaty karate: 12 türgenden 9 medal

2 gün öň
28

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda toparlaýyn hasapda üçünji orna eýe boldy. Bu üstünlik türgenlerimiziň 9 medaly bilen gazanyldy.

Sebit ýaryşyna bäş döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şolaryň 12-si Türkmenistana wekilçilik etdi. Türkmen türgenleri ýurdumyza dört altyn, üç kümüş we iki sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar adaty karateniň görkezme maşklary (kata) we tutluşyk (kumite) görnüşleri boýunça geçirildi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».