Demokratik gymmatlyklara ygrarlylyk

2 gün öň
39

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet we dolandyryş düzümleri kemala geldi. Munuň özi agzybirligi, adalatlylygy ýörelge edilip geçilen ýoluň miweleridir. Munuň aýdyň alamatlarynyň biri-de her bir işe il-ulus bilen maslahatlaşylyp başlanylmagydyr. 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar hem Garaşsyz Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlylygynyň nobatdaky görkezijisidir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamyň saglygy hem-de abadançylygy diýlip kesgitlenendir. Şonuň üçin ýurdumyzyň her bir raýatynyň arkasynda dag ýaly bolup döwletimiz durandyr, halkymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir, adamlaryň her biri şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga hem haklydyr, hem hukuklydyr» diýen sözleriniň durmuşy mysalyny ýurdumyzda dürli derejelerdäki saýlawlaryň geçirilişiniň mysalynda hem görüp bolýar. Çünki ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlar döwlet gurluşynda ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilçiligini üpjün edýär. Saýlawlara işjeň gatnaşmak bilen, agzybir raýatlarymyzyň döwlet häkimiýetiniň guramalarynyň kemala gelmegine täsirini ýetirýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanda saýlaw esasynda Prezident, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary saýlanylýar.

Maksat SAIPOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.