Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, hormatly Prezidentimiz!

2 gün öň
101

Maksat BUGRAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy:

— Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Sanly innowasiýanyň ösen döwrüni nazara alyp, «Magtymgulynyň dünýäsi» atly oýlap tapan ykjam mobil goşundym (programma), «Magtymgulynyň dünýäsi» atly halynyň şekil taslamasyny ýerine ýetirmegim, şeýle-de «Türkmenistan» teleýaýlymynda üç dilde çykyş etmegim meni bu bäsleşikde arzyly ýeňşe ýetirdi. «Magtymgulynyň dünýäsi» atly ykjam mobil goşundymy ýükläp alan adam akyldar şahyryň goşgularyny diňe bir okap däl-de, eýsem, türkmen, rus we iňlis dillerinde diňläp hem bilýär.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.