Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi ruhubelentlige beslenýär

25 Iýun 2024
381

Dünýäde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi halkymyzyň milli medeniýetini gorap saklamaga, ony çuňňur öwrenmäge hem-de wagyz etmäge, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Bu medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Bu bolsa döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, halkymyzyň medeni derejesini artdyrmaga itergi berýär.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».