«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün

25 Iýun 2024
248

Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar — medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri, kitaphanaçylar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada gürrüň etdiler.