Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalygyň arzyly pursady – tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni-çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar bolsa, giň gerime eýe bolýar.
Çagalary doly derejede dynç almak üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleriniň binalaryna ýerleşdirdiler. Olarda ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş sungaty otaglary, kitaphanalar bar.