Eňsi

19 Iýun 2024
1018

Türkmeniň ak öýüniň işigine tutulýan eňsileriň özüniň özboluşly manysy, ähmiýeti bolupdyr. Eňsiler diňe bir gapynyň öň tarapyny bezemän, eýsem, zerur wezipeleri hem ýerine ýetiripdir. Olaryň esasy çeperçilik manysy mukaddes maşgala ojagyny goramakdan ybarat bolupdyr. Agyr haly tutusy maşgala ojagyna tagzym etmäge, edaly bolmaga ugrukdyrypdyr, ýagny öýe girmek üçin şol tutyny  galdyrmaly bolupdyr.

Eňsi — mährabyň şekilinde dokalyp, onuň ýerli düşeginiň ähli ýeri çitimler bilen doldurylypdyr. Ondaky özboluşly manylary aňladýan nagyşlar başga haly önümlerinde duş gelmeýär. Ondaky nagyşlaryň we gölleriň aglabasy hasyllylyk hakyndaky düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Gadymy eňsilerde orta we kiçi nagyşlar, köplenç, haşamlanan üzüm ýapraklarynyň görnüşinde bolupdyr. Eňsiniň käbir nagyşlarynda bolsa seteran düzülen nagyşlar ekerançylara bulut bürän meýdany we bol hasyly wada berýän ýagşy ýatladypdyr. Tuta salynýan «alaja», «dagdan», «atanak», «tegbent» nagyşlary «Öýi ýaman ruhlardan gorap, ýagşylyga çagyrýar» diýlip düşünilipdir. Şonuň ýaly-da, oňa salynýan «düýe diş», «güjük yzy», «tazy guýrugy» ýaly nagyşlaryň hem öz aňladýan manysy bolupdyr.

Selbi SAPAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.