Bagtyýar çagalaryň mekany

19 Iýun 2024
616

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesiller aýratyn üns merkezinde saklanyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde çagalaryň milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenýändigini görmek bolýar. Bagtyýar çagalaryň mekany bolan ýurdumyzda her ýylyň tomus möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mähriban körpelerimiz dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler.

Ýeri gelende aýtsak, her ýyl ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilip geçilýär. Baýramçylyk çäreleriniň uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenmegi eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Onuň üçin ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişini düzgünleşdirýän döwrebap hukuk kadalary hem hereket edýär. Olarda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary we jemgyýetimiziň oňyn garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Bu günki günde hem şeýle asylly ýörelgelere eýerip, döwletimiz tarapyndan hossarlyga mätäç çagalar aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Bu ýörelgeler hukuk kepilliklerinden, hossarsyz galan çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle-de durmuş goldawyna mätäç çagalary durmuşa ugrukdyrmak, olary özbaşdak ýaşaýşa taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýörite habarçymyz.