Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

3 Iýun 2024
381

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 17 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, awiakerosini, yşyklandyryjy kerosini hem-de az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 469 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.

TDHÇMB.