Kärhananyň marketing strategiýasynyň işlenilip taýýarlanylyşy

3 Iýun 2024
424

Soňky döwürde marketing strategiýalaryna uly ähmiýet berilýär. Diňe birnäçe ýyl ozal, strategik marketing, ilkinji nobatda, kompaniýanyň geljegine gönükdirilen we üýtgeýän daşarky şertlere jogap berýän işiniň umumy ugruny kesgitlemek hökmünde hödürlenipdi. Dürli guramalaryň we kärhanalaryň ösüşini strategik dolandyrmak üçin esasy gurallaryň biri marketing strategiýasydyr. Soňky döwürde marketing pudagyndaky daşary ýurtly alymlar öz işlerinde marketing strategiýasynyň düýp manysyny kesgitlemek bilen baglanyşykly meselä çynlakaý çemeleşip başladylar. Marketing strategiýasy 1980-nji ýyldan bäri, ylmy gözlegleriň esasy temalarynyň biri hökmünde orta çykýar. Marketing düşünjesine ylmy edebiýatlarda birnäçe kesgitleme berilýär.

Professor E.A.Utkin marketing strategiýasyna: «Kärhananyň ähli strategik dolandyryşynyň aýrylmaz bölegi we işiň meýilnamasydyr. Esasy wezipesi önümçilik işgärlerini, kompaniýanyň işgärleriniň intellektual ösüşini goldamak we ösdürmek, öndürilen önümleriň görnüşini we hilini ýokarlandyrmak, täze bazarlary ösdürmek, satuwy köpeltmek we netijede iş netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, kesgitleme berýär.

Gülbahar KAKALYÝEWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty.
Miwe ATAÝEWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.