Welaýatymyzda 300 müň tonna golaý sement öndürildi

30 Maý 2024
755

Şu ýylyň mart aýynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu ýerdäki önümçiligiň depginine diýseň uly täsir etdi. Muny zawodda şu ýylyň geçen dört aýynda öndürilen sementiň mukdary hem tassyklaýar.

Bu kuwwatly kärhanada şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda öndürilen sement 295 müň 204 tonna ýetdi. Munuň özi geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Öndürilen sement dessine sarp edijilere ugradyldy. Şunda önümiň 17 müň 826 tonnasyny daşary ýurtly müşderileriň satyn almaklary kuwwatly kärhananyň ýokary hilli önümlerine bolan islegiň artýandygyny görkezýär. Zawodda geçen dört aýda önümleri ýerleşdirmekden 59 million manada golaý girdeji alyndy.