Belent ösüşleriň aýdyň beýany

29 Maý 2024
475

24-nji maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrunda giň möçberli çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir baş şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

«Aşgabat».