Sergä gatnaşyjylara söz berýäris:

29 Maý 2024
425

Kemal ÝASAWULOW,
«Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni:

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gözel paýtagtymyz hem görlüp-eşidilmedik derejede gözelleşýär. Gurlup ulanylmaga berilýän kaşaň binalar «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alýar. Biziň hojalyk jemgyýetimiz hem şeýle ajaýyp binalaryň gurluşygyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurlan hem-de häzirki wagtda gurulýan ençeme ýaşaýyş jaýlarynyň we çagalar baglarynyň binalarynyň gurluşygy biziň agzybir toparymyza degişlidir. Ynha, bu gün hem gözel paýtagtymyzyň güni mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide, beýleki hususy kärhanalar bilen birlikde, biz hem özümiziň alyp barýan gurluşyk işlerimizi görkezmäge geldik. Şu pursatdan peýdalanyp, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.

Taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
«Aşgabat».