Döwrebap desgalaryň gurluşygynda

29 Maý 2024
672

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden, berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň çäklerinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, onuň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, bilim, saglygy goraýyş merkezleri, sport desgalary we beýleki ugurlara degişli binalar gurlup, bellenilen möhletlerde ulanmaga berilýär. Bu ymaratlary bina etmeklige döwlet hem-de telekeçilik kärhanalarynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda «Daşoguzobagurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki düzümleriniň gurluşykçylary hem bar.

Belli bolşy ýaly, birleşigiň garamagynda hereket edýän Daşoguz şäherindäki 3-nji gurluşyk-gurnama — taslama müdirliginiň, Şabat etrabyndaky 6-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň, Boldumsaz etrabyndaky 12-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle binalaryň, desgalaryň ençemesini gurup, ozaldan bar bolanlarynyň durkuny täzeläp, abatlaýyş işlerini geçirip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere önjeýli goşant goşdular. Şunlukda, olar häzirki dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem welaýatymyzyň dürli künjeklerinde bu babatdaky gurluşyk-gurnama, düýpli abatlaýyş işlerini ýokary depginlerde berjaý edýärler.

Ýörite habarçymyz.