Ösüşlere beslenýän pudak

29 Maý 2024
611

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň hünärmenleriniň  netijeli işlemekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Himiýa senagaty ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir ýetirýän, şeýle-de uzak möhletleýin we durnukly ösüşiň esasyny goýýan senagatyň binýatlaýyn bölegi bolup durýar. Himiýa senagatynyň ösdürilmeginiň maksatnamasy ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, dürli himiýa önümlerini daşary ýurtlara eksport etmäge, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda himiýa senagatyny güýçli depginler bilen ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar. Munuň üçin bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär.

Selbi Tagyýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň önümçilik hünär okuwynyň ussasy.