Arassa agyz suwy — sagdynlygyň sakasy

29 Maý 2024
573

Rysgal-berekediň binýady, eşretli durmuşyň gözbaşy bolan suwa goýulýan hormat-sarpa, ony netijeli peýdalanmakda asyrlaryň dowamynda toplanylan tejribeler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze belentliklere göterilýär, häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň gazananlaryna daýanmak arkaly düýpli tutumlar üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alýan şeýle döwletli tutumlarda diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenilmän, eýsem, halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygynyň naýbaşy orunda goýulmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda ulanmaga tabşyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda aýratyn bellemek bilen şeýle diýdi: «Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär».

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».