Ykdysady özgertmelere giň ýol

29 Maý 2024
576

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, şeýle hem ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýany ornaşdyrmakda, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagynda, dünýäniň dürli döwletleri bilen köpugurly işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda ýurdumyzyň pul-karz syýasatyna möhüm orun degişlidir.

Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur bolan möçberde pul-karz serişdeleri bilen üpjün etmekden we olaryň maksadalaýyk ýokary netijeli ulanylmagyny gazanmakdan, şeýle hem halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň üçin milli pulumyzyň ýerli serişdelerden ybarat bolan haryt üpjünçiligini artdyrmaklyga, ilata hödürlenilýän tölegli hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasat ýöredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler örän begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bank edaralarynyň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşiniň köpeldilmegine degişli möhüm ähmiýetli işleriň uly topary durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny sanly ykdysadyýete geçirmek olaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron töleg ulgamynyň bank önümçiligine giňden ornaşdyrylmagy bilen nagt däl pul hasaplaşyklarynyň gerimi has giňeldi. Pul aýlanyşygynyň kadaly hereketi ýola goýuldy, pul toplumynyň düzüminiň ykdysady gözegçiligi ýokarlandy. Netijede, banklar bilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklar täzeçe görnüşe geçdi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşi üçin has amatly şertleri üpjün edýär.

Arzygül ORAZKULYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Garabekewül şäher şahamçasynyň esasy hünärmeni.