Işleriň depgini ýokary

29 Maý 2024
603

Köýtendag etrabynda 2013-nji ýylda işe girizilen sement zawody her ýylda 1 million tonnadan gowrak sement öndüren bolsa, şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen zawodyň ikinji tapgyry önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrdy.

Sarp edijileriň semente bolan islegini günübirin kanagatlandyryp durmak örän sazlaşykly guralan önümçiligi talap edýär. Galyberse-de, bu ýerde önümçiligiň sazlaşykly we üznüksiz bolmagyny üpjün etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy işletmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenler gerek. Lebabyň sement zawodynyň birinji nobatdakysy özüniň aýlyk we ýyllyk meýilnamalaryny birsyhly ýerine ýetirip gelýär. Kärhana «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem oňat netijelere besleýär. Geçen dört aýda 295 müň 204 tonna sement öndürilip, onuň ählisi sarp edijilere ugradyldy. Munuň özi bu ýerde öndürilýän sementiň dessine satyn alynýandygyny görkezýär. Daşary ýurtly işewürler hem lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler. Olar geçen dört aýda 17 müň 826 tonna sement satyn aldylar. Önüm geçginli bolsa, girdeji hem ýokary bolýar. Dört aýda satylan sement önümlerinden kärhana gelen pul 58 million 741 müň 498 manada barabar boldy. Bu görkezijiler zawodda işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).