Eziz Diýar — bagtyýarlygyň mekany

28 Maý 2024
929

Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler halkymyzyň agzybirliginiň, parahat durmuşynyň aýdyň netijeleridir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän desgalar, belent-belent binalar bu ösüşleriň anyk mysallarydyr. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, sanly ulgamyň iň ýokary derejesi, «akylly» öýler döwrebaplygyň we beýik işleriň netijeleridir.

Türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişleriň mekanynda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň ösüşine däl-de, eýsem, dünýäniň ösüşine hem, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryna hem oňat täsir edýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalary aýratyn bellemek bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi şanly wakalaryň biri boldy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini birikdirmän, ulag-üstaşyr geçelgeleri üçin hem ähmiýetlidir. Çünki ýollar gatnaşyklaryň, söwdanyň möhüm ugry hökmünde kabul edilýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, özgertmeler halkara derejesinde özüniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Maral AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.