Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady

17 Maý 2024
149

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-ä Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Norwegiýa Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

(TDH)