Dünýä dolýar bagtyýarlyk mukamy

16 Maý 2024
201

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini we halkymyzyň döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezýän wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Aýdyň maksat, päk niýet bilen ýetilýän  bu belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirýän döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.

Türkmen halky ähli döwürlerde Watany jandan eziz görüp, ony gözüniň göreji deýin gorap, edermenligiň, gaýratlylygyň, batyrlygyň göreldesini görkezipdir. Biz edermenligi, watansöýüjiligi, adalatlylygy bilen şöhrat gazanan merdana pederleriň neslidigimize buýsanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiziň Russiýanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda Moskwa şäherinde geçirilen dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy we ýowuz uruşda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlary hatyralap, Baky oda gül dessesini goýmagy ynsanperwerlik, ygrarlylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň ýurdumyz tarapyndan elmydama goldanýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

«Adalat».