Pyragynyň döredijiliginde jemgyýetiň we ynsan gatnaşyklarynyň beýany

16 Maý 2024
187

Häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň durşy bilen nesihata ýugrulan, durmuş synaglaryndan geçen, çuňňur many-mazmuna eýe bolan, ýazylan pursadyndan bäri, nesilden-nesle geçip, aýtgylara, nakyllara öwrülen dana sözleriniň ähmiýetiniň döwlet derejesinde sarpalanýandygyny tassyklaýar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýä ýurtlarynda halkara derejesinde guralýan çäreler milli mirasymyza, beýik akyldaryň döredijiligine dünýä halklarynyň gyzyklanmasyny artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragy kimin aňyrsyna-bärsine gözýetmez, çäksiz hem-de düýpsüz döredijilik ummanyny döreden beýik şahyrlarymyzyň mirasy ýyllaryň, asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda zähmetiň, zehiniň hem-de ylhamyň sazlaşygynyň miwesi bolan ruhy baýlyklarymyzyň, jemgyýetimiziň ruhy çyragydygyny, dostlugy, doganlygy, ynsanperwerligi ündeýän aňyýetimiziň egsilmez hazynasydygyny, mizemez nusgasydygyny belleýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.