Durnukly ykdysady ösüşiň hatyrasyna

16 Maý 2024
181

Mälim bolşy ýaly, şu günler Kazanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem gatnaşypdy. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bu gezekki iş sapary dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine ýardam eder. 

Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

«Adalat».