Watanymyzyň hukuk binýady

16 Maý 2024
165

Ösüşler, özgerişler her bir döwrüň süňňüne döwrebaplyk çaýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny ykrar etmegi bilen,  halkymyzyň ykbalynda täze heňňam, täze döwür, täzeçe mümkinçilikler başlandy. Türkmen halky öz köpasyrlyk taryhynda ençeme döwleti gurup, dolandyryp, şöhratlandyryp, agzybir, döwletli-döwranly ýaşapdyr. Döwlet Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi bilen, türkmen halkynyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertleri döredildi. 1992-nji ýylyň
18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 32 ýyl boldy. Konstitusiýa türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar.

Beýleki kanunçylyk namalary bilen deňeşdireniňde, Konstitusiýa döwletiň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we erkinliklerini kepillendirýär, döwleti dolandyrmagyň görnüşini we döwletiň ýokary häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kesgitleýär, ýokary ýuridik güýje eýedir, kanun çykaryjylyk işi üçin binýat bolup hyzmat edýär, durnuklylygy bilen tapawutlanýar, kabul etmek we üýtgetme girizmek babatynda oňa aýratyn tertip häsiýetlidir, gös-göni täsir etmek güýjüne eýe bolan kadalaşdyryjy namadyr, döwletiň ähli çäginde ýokary güýje eýedir.

Öwezgeldi ATAGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.