Ýaş nesiller — guwanjymyz

15 Maý 2024
360

Ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine bardy. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ussat halypa atşynas Gahryman Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Körpeler halypa atşynas Gahryman Arkadagymyzyň manyly hem-de gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler. Şeýle-de, olar milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Soňra ussat atşynas Gahryman Arkadagymyz çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy. Körpeler sowgatlar üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň haýyşlaryny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

«Aşgabat».