Ata Watanymyz üstünliklere beslenýär

14 Maý 2024
263

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüş depginini we döredijilik kuwwatyny giňden açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ynsanperwer döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýörite meýdança gondy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerden ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.

«Ahal durmuşy».