Taryhyň beýany

30 Aprel 2024
694

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Kitabyň baplary arheologik tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar.

«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümlerden ybarat bolan bu kitapda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy Änew medeniýeti, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Kitabyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar. Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşýan beýik şahyrdyr.