Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby — gymmatly gollanma

25 Mart 2024
273

Hormatly Prezidentimiz 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy barada aýtdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak bu eser şöhratly taryhymyzyň dabaralanýan ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak babatda başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.